Älem giňişliginde umumy bolan wagty boýunça dünýä rekordyna eýe bolan uçarman-kosmonawt Oleg Kononenko Ýuriý Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hökmünde bellendi. Bu barada «Roskosmos» döwlet korporasiýasy habar berdi. Mundan ozal bu wezipede Maksim Harlamow işledi — diýip, TASS habarlar agentligi ýazýar.
Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenabatda (ozalky Çärjew şäheri, Türkmenistan SSR) dünýä inýär. Ol 1988-nji ýylda Harkowyň awiasiýa institutyny «uçuş enjamlarynyň hereketlendirijileri» hünäri boýunça tamamlaýar. Soňra Kuýbyşew şäherindäki (häzirki Samara şäherindäki «Progress» RKM) Merkezi ýöriteleşdirilen konstruktorçylyk býurosynda kosmos enjamlarynyň elektrik üpjünçilik ulgamlaryny işläp düzmek bilen meşgullanýar.
1996-njy ýylda Kononenko Kosmonawtlary taýýarlamak merkezine kosmonawtlyga dalaşgär hökmünde kabul edilýär, 1998-nji ýylda «synagçy kosmonawt» derejesine eýe bolýar. 2016-njy ýyldan başlap kosmonawtlar toparynyň komandiri wezipesinde işleýär, 2021-nji ýylyň iýul aýyndan bolsa merkezde kosmonawtlary taýýarlamak boýunça ýolbaşçynyň orunbasary edilip bellenýär.
Oleg Kononenko bäş gezek älem giňişligine uçuşy amala aşyrýar. Ilkinji uçuşy 2008-nji ýylyň aprelinden oktýabr aralygynda 17-nji Halkara kosmos stansiýasynyň (HKS-17) ekipažynyň düzüminde bolup geçýär. Soňra HKS-30/31 (2011-nji ýylyň dekabry – 2012-nji ýylyň iýuly), HKS-44/45 (2015-nji ýylyň iýuly – dekabry), HKS-58/59 (2018-nji ýylyň dekabry – 2019-njy ýylyň iýuny) ekspedisiýalaryna gatnaşýar.
Onuň amala aşyran bäşinji uçuşy 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda başlanýar. Şol wagt Kononenko «Soýuz MS-24» kosmos gämisiniň komandiri hökmünde russiýaly kosmonawt Nikolaý Çub we amerikaly Laurel O’Hara bilen bilelikde uçýar. 2024-nji ýylyň 4-nji fewralynda ol kosmosda umumy bolan wagty boýunça dünýä rekordyny täzeleýär — öňki rekord Gennadiý Padalka degişlidi (878 gün). 2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda Kononenko pilotirlenýän kosmonawtikanyň taryhynda ilkinji bolup orbitada 1000 günüň çäginden geçýär. 23-nji sentýabrda ekipaž sag-aman Ýere dolanyp gelýär.
Jemi bäş orbital saparda Kononenko kosmosda 1110 gün 14 sagat 58 minut 37 sekunt bolup, dünýäde aňry çäk rekordy goýdy. Mundan başga-da, Kononenko we Çub HKS-da bir uçuşyň dowamynda älem giňişliginde umumy bolan wagty boýunça boýunça täze rekordy goýdular — 373 gün. Kosmos ekspedisiýalarynyň dowamynda Kononenko jemi 44 sagat 30 minut dowam eden açyk kosmosa 7 gezek çykýar.
Oleg Kononenko — Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany (2009) we Türkmenistanyň Gahrymany (2019), RF-nyň «Watan öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeniniň doly derejeleriniň eýesi, RF-nyň hökümetiniň Ý.A. Gagarin adyndaky baýragynyň (2021) eýesi, Türkmenistanyň «Prezidentiň ýyldyzy» ordeniniň (2009) we «Altyn Aý» medalynyň (2019) eýesi, şeýle hem Niderlandlaryň Oransk-Nassau ordeniniň ofiseri (2016). Ol Gagarin, Korolýow şäherleriniň we Samara oblastynyň hormatly raýaty.
