Türkmenistanyň «Altyn Asyr» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň üçünji oýnunda Omanyň «Al-Şabab» toparyndan 1:3 hasaby bilen ýeňildi.
«Altyn Asyr» toparynyň ýeke-täk goluny oýnuň 29-njy minutynda Zafar Babajanow geçirdi. Omanyň toparynda Hatem Al-Ruşadi iki gol (53-nji we 90+2-nji minutlarda), Hanaan Markne bolsa bir gol (45-nji minut) bilen tapawutlandylar.
«Al-Şabab» topary ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy. «Altyn Asyr» toparçalaýyn tapgyryň netijesinde ikinji orny eýeläp, pleý-off tapgyra çykmak mümkinçiligini saklap galýar.
Günbatar zolagyndaky üç toparyň arasynda ikinji iň gowy topar bolmak üçin «Altyn Asyr» toparyna «Al-Sib» (Oman) bilen «Al-Ansar» (Liwan) arasyndaky oýunda deňlik ýa-da «Al-Kuweýt» toparynyň Bangladeşiň «Başundhara Kings» bilen oýnunda utuk ýitirmegi zerur bolup durýar.
Toparçalaýyn tapgyryň öňki oýunlarynda «Altyn Asyr» iki ýeňiş gazandy: birinji tapgyrda Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparyny 1:0 hasaby bilen, ikinji tapgyrda bolsa Butanyň «Paro» toparyny 3:1 hasaby bilen ýeňdi.
2025/26-njy ýylyň möwsüminde AFK-nyň Çagyryş ligasyna 20 klub gatnaşýar, olar geografik taýdan Günbatar we Gündogar zolagyna bölünýär. Bäş topara bölünen bu ýaryş merkezi görnüşde geçirilýär — her topar garşydaşlary bilen bir gezek duşuşýar. Toparçalaýyn tapgyra gatnaşýan ähli klublara $100 müň möçberinde baýrak berilýär.
Toparçalaýyn tapgyryň netijesinde çärýek finala sekiz topar çykýar: Günbatar zolagyndan üç ýeňiji topar we ikinji orny eýelän iň gowy topar, şeýle hem Gündogar zolagyndan her topardan iki iň gowy topar çykýar. Çärýek final duşuşyklary 2026-njy ýylyň mart aýynda, ýarym final oýny aprelde, final duşuşygy bolsa 2026-njy ýylyň 9-njy maýynda geçiriler.
Geçen möwsümiň AFK Çagyryş ligasynyň ýeňijisi Türkmenistanyň häzirki çempiony — «Arkadag» futbol klubydyr.
