Turkmenportal logo
31.10.25
1657216572
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň «EKSPO — 2027-ä» gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy
Surat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi

Serbiýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» halkara ýöriteleşdirilen sergisiniň direktory Danilo Ýeriniç bilen duşuşyk geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar 2027-nji ýylyň 15-nji maýy — 15-nji awgusty aralygynda geçiriljek bu sergä Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Ozal Türkmenistanyň we Serbiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleri geçirendigi barada habar beripdik.