Günbataryň metbugaty başga planetalylar ABŞ bilen SSSR-iň 1940-njy ýyllarda geçiren ýadro ýaragynyň synaglaryna üns beren bolmaly diýip çaklaýar. Bu barada «Daily Mail» neşirine salgylanýan «Glavny.tv» internet neşiri habar berdi.
«Daily Mail» gazetiniň maglumatlaryna laýyklykda, ýerden daşary aňyň 1940-1950-nji ýyllardaky sowet we amerikan harby synaglaryna üns berendigine 1949 – 1957-nji ýyllar aralygynda asmanda hasaba alnan ýagty şöhleleriň köp sanlysy güwä geçýär.
Şwesiýanyň Usuly fizika boýunça Demirgazyk institutynyň doktory Beatris Wilýarroel şeýle netijä geldi. Ol agzalan ýagtylyklaryň tebigy däl-de, ylmy taýdan düşündirip bolmaýan häsiýetlidigini nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, olaryň ýerden daşary gelip çykyşy barada çaklama döräp başlapdyr.
Bu hadysalar Kaliforniýa obserwatoriýasynyň köp sanly suratlarynda tapyldy, ýagtylanmalaryň jemi sany 100 müňe ýetýär. Sowuk uruş ýyllarynda Zemine başga planetalylar gelip bilerdi diýip, Wilýarroel çaklaýar.
