«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň gurluşyk materiallaryny öndürýän kompaniýalarynyň arasynda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Kompaniýa önümçiligini işjeň ösdürýär we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrýar, bu bolsa ýurduň importyň ornuny tutýan önümleri we harytlary öndürmek we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda amala aşyrýan tagallalaryna möhüm goşant goşýar.

Kompaniýanyň esasy önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda ýerleşýär. Bu ýerde asma potoloklar we profil ulgamlary öndürilýär. 2023-nji ýylyň dekabr aýynda «Ak Bulut» Lebap welaýatynyň Dostluk şäheriniň golaýynda täze iri zawodyny açdy. 20 müň inedördül metr meýdany bolan önümçilik binasy häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr we gips, şpaklýowka, gipsokarton hem-de BOARDLINE innowasion bina örtügini öndürmäge ýöriteleşdirilendir.

Zawodyň kuwwaty ýylda 50 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 4 million inedördül metr gipsokartony öndürmäge mümkinçilik berýär. Kompaniýanyň önümleri diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Häzirki wagtda «Ak Bulut» birnäçe ýurda eksport edýär, kompaniýanyň strategik maksatlarynyň biri bolsa içerki bazary doly üpjün etmek we öndürilýän önümleriň 50 göterimini eksporta ibermekdir.

«Ak Bulut» kompaniýasynyň alyp barýan işi Türkmenistanyň gurluş Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda hususy ulgamyň üstünlikli ösýändigini görkezýär we ýurduň halkara bazarlardaky ornunyň berkemegine ýardam berýär.
