Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» atly ylmy-nazaryýet žurnalynyň nobatdaky sany çap edildi.
Giň okyjylar köpçüligine, orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, talyplara, syýasaty öwreniji alymlara niýetlenen neşirde köptaraply döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada habar beriş, gollanma, seljerme we statistiki häsiýetli makalalar ýerleşdirilipdir.
Neşiriň daşky sahypasynda «Abadançylyk» binasynyň suraty ýerleşdirilipdir. Belentligi 47 metre barabar bolan binanyň depesindäki Ýer şarynyň daşyna aýlanan ak kepderiler parahatçylygyň nyşany hökmünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şu ýylyň many-mazmunyny özünde jemleýär.
Žurnaldaky «Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgelerine eýerip», «Parahatçylyk — ýaşaýşyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň, ösüşiň beýik taglymaty», «Türkmenistanyň Bitaraplygyna 30 ýyl», «Arzuwlan eýýamyň geldi, Pyragy!», «Magtymguly Pyragynyň zamanasynda we häzirki döwürde türkmen-owgan gatnaşyklary» atly makalalar hem şu möhüm mowzuklara bagyşlanypdyr.
«Türkmen eposlarynda parahatçylyk taglymaty», «Syýahatçylyk dünýä ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagyň ygtybarly çeşmesidir», «Ýüpekçilik — medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi» atly makalalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan medeniýet ulgamyny ösdürmek meselesine bagyşlanýar.
Žurnal Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymgulynyň keşbiniň teatr sahnasynda janlandyrylmagyna bagyşlanan «Teatr sahnasynda Magtymguly Pyragynyň waspy» atly makala bilen jemlenýär. Bu barada TDH habar berdi.
