28-nji oktýabrda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň içeri işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Dördünji gezek geçirilen bu duşuşyga Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň içeri işler ministrleri we ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga Omanyň içeri işler ministri we Yragyň içeri işler ministriniň orunbasary myhman hökmünde gatnaşdylar. Bu barada Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy resmi beýanat paýlaşdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezişkianyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň dowamynda gurama agza döwletleriň arasynda polisiýa gullugynyň işi bilen bagly tejribeleri paýlaşmagyň, maglumat alyş-çalyş ulgamyny we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Şeýle-de howpsuzlyk we hukuk ulgamynda täze gurallary ornaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.
Duşuşyk Tähran Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen tamamlandy. Ol degişli ugurdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly giňişleýin meýilnamany öz içine alýar. Jarnamada serhetara polisiýa hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek; Gurama agza döwletleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça başlangyçlar; terrorçylyga we transmilli jenaýatlara garşy bilelikdäki çäreler; serhetara jenaýatlaryň öňüni almak; yzygiderli gepleşikleri geçirmek we maglumat alyş-çalyş gurallaryny döretmek ýaly ugurlar barada bellenilýär.
Duşuşygyň dowamynda howpsuzlyk meselelerinden başga-da, sebit we halkara gün tertibindäki ýagdaýlar barada hem pikir alşyldy.
