«Maliýe we ykdysady ulgamda ulanylýan adalgalaryň düşündirişli sözlügi» atly okuw gollanmasy çap edildi. Ony Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy L.Saryýewa taýýarlady. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary şeýle hem ykdysady ugurda bilimini kämilleşdirmäge isleg bildirýänler üçin niýetlenilen bu okuw gollanmada ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda giňden ulanylýan düşünjeler we adalgalar giňişleýin görnüşde beýan edilýär.
Esasan-da önümçilik, ykdysady nazaryýet, maliýe, mikroykdysadyýet we makroykdysadyýet boýunça esasy terminleriň manysy, mazmuny hem-de biri-biri bilen baglanyşygy giňişleýin açylyp görkezilýär.
