Ýaponiýanyň Akita prefekturasynyň başlygy Kenta Suzuki harbylardan aýylara garşy göreşde kömek soramagy teklip etdi, bu barada NHK teleýaýlymy habar berdi.
Sudzuki bu barada ýurduň goranmak ministri bilen duşuşykda teklip etdi, prefekturanyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, ýerli häkimiýetler aýylaryň hüjüminden goranyp bilmeýärler.
Ýaponiýanyň Hökümetiniň baş sekretary Minoru Kihara Goranmak ministrliginiň bu meselä ählitaraplaýyn garajakdygy barada beýanat berdi.
Soňky döwürde Ýaponiýada adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde aýylar köp peýda bolýar. Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, 1-nji aprelden bäri aýylaryň hüjüminden 9 adam pida boldy, 100 töweregi adam ejir çekdi.
Mundan bir hepde öň Iwate prefekturasynda aýynyň tokaýda kömelek ýygýan ýerli ýaşaýja hüjüm edendigi habar berildi. Gartaşan erkek kişi ölüm howply ýaralandy, birnäçe günden soňra halas edijiler onuň jesedini tapdylar.

