30-njy oktýabrda Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde «Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleri» atly forum öz işine başlaýar. Çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «TMT Consulting Group» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraýar. Bu çäre Ýewropanyň kompaniýalary üçin ýurduň ykdysady kuwwaty bilen tanyşmak hem-de hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin özboluşly mümkinçilikdir.
Forumyň baş hemaýatkärleri hökmünde Türkmenistanyň iň iri gurluşyk holdingleriniň biri «Ojar Aziýa», şeýle hem oba hojalyk tehnikasynyň öndürilişinde dünýäde öňdebaryjy marka bolan «John Deere» çykyş edýär. Olaryň gatnaşmagy çäräniň ýokary derejesini görkezýär hem-de strategiki hyzmatdaşlaryň Türkmenistana maýa goýmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýardygyny subut edýär.
Forumyň maksatnamasy dürli ugurlary öz içine alýar. Meýilleşdirilen dört tematiki sessiýa ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna bagyşlanýar:
energetika we gurluşyk,
oba hojalygy we agrotehnologiýalar,
saglygy goraýyş we derman senagaty,
ulag we infrastruktura.
Mundan başga-da, gatnaşyjylar üçin «tegelek stollar» guralyp, olarda häzirki wagtda möhüm hasaplanýan meseleler ara alnyp maslahatlaşylar, tejribe alyşmalar geçiriler hem-de göni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak mümkinçilikleri dörediler.
Forum diňe bir tanyşdyryş we gepleşikler meýdançasy bolman, eýsem, Türkmenistanyň maýa goýumlara açykdygyna, öňdebaryjy Ýewropa kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyna we özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigine şaýatlyk edýär.
