Aşgabatdaky «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgähinde Türkmen-özbek dostluk agşamy geçirildi. Bu çäre ýakynda Özbegistanda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri bilen sazlaşykly utgaşdy diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgähi bu ýerde geçirilýän Türkmen-özbek dostluk agşamy mynasybetli toý ruhuna beslendi. Konsert maksatnamasyna laýyklykda, iki ýurduň meşhur aýdym-sazlary ýerine ýetirildi. Joşgunly çykyşlar, şol sanda aýdym-sazly edebi kompozisiýa iki goňşy halkyň dost-doganlygynyň barha rowaçlanýandygynyň beýany boldy.
Ählumumy parahatçylygyň bähbidine dostluk we ylalaşyk ýörelgelerini wagyz etmek konsert maksatnamasynyň özenini düzdi. Onda Türkmenistanyň tanymal sungat ussatlarynyň, tans we folklor toparlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen hem-de özbek aýdym-sazlary ýaňlandy. Çykyşlar iki halkyň medeniýetindäki we sungatyndaky umumylyga hem-de aýratynlyklara, olaryň milli özboluşlylygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Türkmen-özbek dostluk agşamynyň çäginde iki doganlyk halklaryň milli tagamlary taýýarlanylyp, çärä gatnaşyjylara hem-de seýilgähe gelenlere hödür-kerem edildi. Türkmen we özbek aşpezleri milli aşhanalar üçin däp bolan tagamlary taýýarlamagyň usullaryny görkezip, myhmanlary ýerli aşhana medeniýetiniň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar.
