«Altyn Asyr» türkmen futbol kluby sişenbe güni AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşygynda Butanyň «Paro» topary bilen duşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar. Duşuşygyň göni ýaýlymyny Butan klubynyň resmi YouTube kanaly arkaly tomaşa edip bolar.
Birinji tapgyryň duşuşygynda «Altyn Asyryň» futbolçylary Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparyny 1:0 hasaby bilen ýeňmegi başardylar. Bu oýun Butanyň paýtagty Thimphu şäherinde geçirildi. Günbatar zolagynyň A toparçasynda merkezi görnüşde geçirilýän ýaryşda Oman döwletiniň «Al-Şabab» topary hem çärýek finala çykmak ugrunda bäsleşýär.
2025/26-njy ýylyň möwsüminde AFK-nyň Çagyryş ligasy üçin geografiki taýdan Günbatar we Gündogar zolagyna bölünen 20 klub bäsleşýär. Bäş topara bölünen bu ýaryşda ähli duşuşyklar merkezi görnüşde geçirilýär we her topar garşydaşlary bilen bir gezek duşuşýar. Toparçalaýyn tapgyra gatnaşýan ähli toparlara 100 müň amerikan dollary möçberinde baýrak puly berilýär.
Toparçalaýyn tapgyryň netijesinde çärýek finala 8 topar çykar: Günbatar zolagyndan üç toparyň ýeňijileri we ikinji orny eýelänleriň arasynda iň gowusy, şeýle hem Gündogar zolagyň her toparçasyndan iki iň gowy topar. Pleý-off duşuşyklary myhmançylykda geçiriler. Çärýek final duşuşyklary 2026-njy ýylyň mart aýynda, ýarym finalyň oýunlary aprelde, final duşuşygy bolsa 2026-njy ýylyň 9-njy maýda geçirmek meýilleşdirilýär.
Geçen möwsümde AFK-nyň Çagyryş ligasynda Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» ýeňiji boldy.
