Türkmenistanly okuwçylar Batyr Sultanow we Aýlar Ataýewa W.G.Kostomarowyň adyny göterýän daşary ýurt mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilýän rus dili boýunça XXI halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler. Baýrak gowşurylyş dabarasy 20-nji oktýabrda Moskwada «Russiýa dünýäsiniň» XVII Assambleýasynyň çäginde geçirildi.
Batyr Sultanow daşary ýurt mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasyndaky olimpiadanyň umumy hasabynda üçünji orny eýeledi. Aýlar Ataýewa Puşkin adyndaky institutyň esaslandyryjysy we ilkinji rektory W.G. Kostomarowyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan ýörite baýrak gowşuryldy.
Ýeňijilere baýraklary Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň geňeşçisi Ýelena Ýampolskaýa, A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus dili institutynyň rektory Nikita Gusýew we Rus dili we edebiýat mugallymlarynyň halkara assosiasiýasynyň (MAPRÝAL) prezidenti Wladimir Tolstoý gowşurdylar.
Moskwada geçirilen olimpiada dünýäniň 22 ýurdundan 27 finalçy gatnaşdy. Olar Puşkin adyndaky institutda ýazmaça we dilden synaglardan geçdiler, şeýle hem institutyň bilermenleriniň geçiren ussatlyk sapaklaryna, medeni aň-bilim çärelerine gatnaşdylar.
Olimpiada 1972-nji ýyldan bäri Puşkin adyndaky institut we «Russiýa dünýäsiniň» fondy tarapyndan, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň we MAPRÝAL-yň goldaw bermeginde guralýar.
