27-nji oktýabrda Türkiýäniň Syndyrgy şäherinde güýji 6,1 balla deň bolan ýer titremesi hasaba alyndy – diýip, «Anadolu» agentligi habar berýär.
Türkiýäniň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça müdirliginiň (AFAD) beren maglumatyna görä, ýer titremäniň merkezi Balikesir welaýatynyň Syndyrgy etrabynda bolup, ýer titremäniň ojagynyň nokady takmynan 6 kilometrlik çuňlukda ýerleşýär. Tebigy betbagtçylygyň netijesinde üç bina we bir dükan ýumrulypdyr. Türkiýäniň içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa bu binalarda bolan ähli adamlaryň göçürilmeli edilendigini we ýaralananlaryň ýokdugyny habar berdi.
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan X sosial ulgamynyň sahypasynda eden çykyşynda, ýer titremäniň goňşy welaýatlarda hem duýlandygyny aýtdy. Ýer titremeler Stambul, Izmir, Bursa şäherlerinde we birnäçe beýleki sebitlerde hem duýlupdyr. Prezidentiň sözlerine görä, hadysa bolan ýerde eýýäm hünärmenler iş alyp barýarlar.
Esasy ýer titremeden soň birnäçe gaýtalanma ýer titremeler (afterşoklar) hem bolup geçipdir, olaryň iň güýçlisiniň magnitudasy 4,2 balla deň bolupdyr.

