Türkmenistanyň wekiliýeti 20 – 25-nji oktýabr aralygynda çagalary goramak we maşgala goldaw ulgamyny özgertmek babatyndaky tejribäni öwrenmek maksady bilen, Moldowa Respublikasyna tanyşlyk saparyny amala aşyrdy.
Bu sapar ÝUNISEF tarapyndan «Partnerships for Every Child» («P4EC») guramasynyň goldawy bilen guraldy.
Türkmen wekiliýetiniň düzüminden Türkmenistanyň Mejlisiniň, Bilim ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, şeýle hem Baş prokuraturanyň wekilleri orun aldy. Saparyň esasy maksady çagalar öýlerinde ýaşaýan çagalary döwlet edaralarynda saklamak usulyndan maşgala goldawyna we maşgala esasly terbiýeçilik hyzmatlaryna geçmek boýunça ulanylýan tejribeleri öwrenmekden ybarat boldy.
Türkmen wekiliýeti Moldowanyň Zähmet we durmuş taýdan goramak ministrliginiň, ýerli häkimiýetleriň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri bilen duşuşdy. Ol birleşikler maşgala goldawyna we çagalaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen sosial hyzmatlary ýerine ýetirýärler. Duşuşyklaryň dowamynda wekiliýet Moldowanyň çagalary edaralardan öý şertlerine geçirmegi maksat edinýän uzak möhletleýin özgertme — «deinstitusionalizasiýa» ulgamynyň işi bilen tanyşdy. Bu ulgam her bir çaga maşgalada ösüp, terbiýelenmäge mümkinçilik döredýär.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda hem çagalar we maşgala bilen iş alyp barýan edaralaryň arasyndaky utgaşyklylygy kämilleşdirmek hem-de sosial işi berkitmek boýunça çäreler görülýär. Moldowa guralan sapar tejribe alyşmaga we maşgala ugurly çemeleşmäniň çagalary goramagyň netijeli ulgamynyň esasyna öwrülip biljekdigine düşünmäge möhüm goşant boldy diýip, ÝUNISEF-iň metbugat beýanatynda bellenilýär.
