24-nji oktýabrda Duşenbe şäheriniň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de BMG-niň 80 ýyllygy mynasybetli Ýaşlar dialogy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Duşenbedäki diplomatik wekilhanasy «Turkmenportala» habar berdi.
Çäre Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan BMG-niň Täjigistandaky wekilhanasy, Täjigistanyň Daşary işler ministrligi we Täjigistanyň Ýaşlar we sport baradaky komiteti bilen bilelikde guraldy. Oňa Täjigistanyň degişli ministrlikleriniň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri hem-de ýokary okuw mekdepleriniň işjeň ýaşlary gatnaşdylar.

Çäräniň açylyşynda ilçi A.Goçmyradow öz eden çykyşynda ähli gatnaşyjylary BMG-niň 80 ýyllyk baýramy bilen gutlady we Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda yzygiderli alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Şeýle-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň belleýändigi bilen baglylykda, şu ýylyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi. Bu hukuk taýdan aýratyn derejäniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan üç gezek tassyklanandygy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalary bilen berkidilendigi nygtaldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek boýunça öňe süren başlangyçlary barada gürrüň berildi.
BMG-niň Täjigistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Parwati Ramaswami öz çykyşynda Türkmenistanyň dünýäde parahatçylyk, bitaraplyk we özara ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlydygyny we bu ýörelgeleri halkara giňişliginde öňe sürmekde aýratyn goşant goşýandygyny belledi.
Ýaşlar dialogyna täjigistanly ýaşlar bilen bir hatarda ilçihanada önümçilik tejribeligini geçýän Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda ýaşlaryň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmakdaky, şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň başlangyçlaryny durmuşa geçirmekdäki orny barada gürrüň berdiler.
