Irlandiýada geçen Prezident saýlawlarynda zenan dalaşgär Ketrin Konnolli ýeňiji boldy diýip, resmi jemlere salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.
Konnolli maglumatlara laýyklykda, sesleriň 63,36 göterimini, onuň esasy garşydaşy Hizer Hamfris 29,46 göterimini aldylar.
Irlandiýanyň täze döwlet Baştutany 68 ýaşynda, ol öňki aklawçy hem-de deputat. Ol Dublinde geçen ýeňiş çykyşynda bitaraplyga esaslanýan syýasaty goldanjakdygyny yglan etdi.
Öň Ýaponiýanyň taryhynda ilkinji gezek ýurduň Premýer-ministri wezipesine zenan dalaşgär Sanae Takaiti saýlandy.

