24-nji oktýabrda Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D. Seýitmämmedow Gruziýanyň Içeri işler ministri G. Geladze bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Turkmenportal neşirine habar berdi.
Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma döredýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Konsullyk hyzmatlaryna we migrasiýa syýasatyna aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar iki ýurduň raýatlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň möhümdigini nygtadylar.
Diplomatlar edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we bilelikdäki işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyna ynam bildirdiler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginini saklamak hem-de alnyp barylýan hyzmatdaşlygy giňeltmek meýillerini tassykladylar.
