Eger-de siz diňe bir täsirli kokteýller bilen şähdiň açmak bilen çäklenmän, eýsem datly tagamlar bilen naharlanmak ýa-da agşamy dostlaryňyz bilen rahat gurşawda geçirmek üçin ýer gözleýän bolsaňyz, Aşgabatdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň üçünji gatynyň açyk meýdançasynda ýerleşýän Soltan Bubble Tea kafesine hökman gelmegiňizi maslahat berýäris.
Bu ýerde sizi dürli tagamdaky şähdiňi açyjy bubble tea içgileri we kokteýller, şeýle hem süýjülikleri söýýänler üçin şirin nygmatlaryň giň görnüşi garaşýar. Menýu diňe içgiler bilen çäklenmeýär — Soltan Bubble Tea gyzgyn naharlary hem hödürleýär. Şonuň üçin bu kafe ýeňil tagamlar bilen naharlanmak üçin hem, doly günortanlyk ýa-da agşamlyk edinmek üçin hem ajaýyp saýlawdyr.

Kafeniň aýratyn buýsanjy — onuň gurşawydyr. Kafeniň işgärleri her bir myhmanyň özüni rahat duýmagy üçin alada edýär: dostlar bilen duşuşyk, maşgala bilen agşamlyk ýa-da söwda bilen geçen günüň arasynda dem almak bolsun — Soltan Bubble Tea kafesinde size ýakymly rahatlyk hödürlenýär.
Her gün gapylaryny giňden açýan Soltan Bubble Tea size diňe bir tagamly naharlary we içgileri däl-de, eýsem Aşgabatdaky iň meşhur söwda merkezleriniň biriniň jümmüşinde ýatdan çykmajak täsirleri hem bagyşlar.

Stoly sargyt etmek ýa-da goşmaça maglumat almak üçin jaň ediň:
+993 60 20 50 02
+993 12 46 84 80
+993 12 46 84 81
Biziň kafemize geliň we goý bu ýer siziň duşuşmak ýa-da dynç almak üçin täze söýgüli künjegiňize öwrülsin!
