23–24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Halkara gatnaşyklar we logistika bölüminiň başlygy Kakajan Ýagmyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pakistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan Yslamabat şäherinde guralan Ulag ministrleriniň sebitleýin konferensiýasyna («RTMC 2025») gatnaşdy.
Türkmenistanyň Yslamabatdaky diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, konferensiýanyň dowamynda türkmen wekiliýeti ýurduň üstaşyr, ulag we logistika mümkinçilikleri barada çykyş etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň sebitde möhüm ulag geçelgesi bolup durýandygy, ýurtda demir we awtomobil ýollary, deňiz portlary, logistika merkezleri ýaly döwrebap ulag infrastrukturalarynyň yzygiderli ösdürilýändigi aýratyn nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ulag we logistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmaga, durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmäge hem-de sebitara geçelgeleri birleşdirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny ilerletmekde üstünlikli işleri amala aşyrýar.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Pakistan bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň sebitleýin arabaglanyşygy giňeltmek hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga taýýardygyny mälim etdi.
Konferensiýa sebitiň ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň özara arabaglanyşygy ösdürmegiň we sebitleýin ykdysady integrasiýany ilerletmegiň möhüm guraly hökmünde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge bolan ygrarlylygyny ýene-de bir gezek tassyklady diýlip, habarda bellenilýär.
