Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Rimde geçirilen Türkmen-italýan işewürlik maslahatynda çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada hem aýratyn durup geçdi.
Bellenişi ýaly, ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Şunda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda Hazar-Ortaýer deňzi geçelgesini döretmäge aýratyn orun berilýär. Geografiýa taýdan ýerleşmegi bilen baglylykda, Türkmenistan hem-de Italiýa bu geçelgäni döretmekde esasy orun eýelärler.
«Bu logistika ugrunda Hazaryň gündogar kenarýakasy möhüm ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda Hazar deňzinde Türkmenistanyň kuwwatly port infrastrukturasy bar we ýurdumyz bu kuwwatlyklaryny günbatar ugry boýunça hazarüsti tranzit ýük daşamalary üçin ulanmak babatda hyzmatdaşlyga taýýardyr. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň logistika mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerinde öz orunlaryny pugtalandyrmak isleýän italýan işewür toparlary üçin özüne çekiji bolup biljekdigine ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, italýan kompaniýalaryna bu iri taslama gatnaşmak mümkinçiligine seretmegi teklip edýäris» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda aýtdy.
Döwlet Baştutany ulag pudagynda Türkmenistanyň demir ýol ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça italýan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
