Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene Awstriýa Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýar.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany şeýle hem iki ýurduň arasynda özara düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini bellemek bilen, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Wan der Bellene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Awstriýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
