Turkmenportal logo
26.10.25
1794017940
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn Asyr» AFK-nyň Çagyryş ligasynda Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparyny ýeňdi

Türkmenistanyň «Altyn Asyr» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky toparçalaýyn tapgyryň birinji oýnunda Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparynyň garşysyna oýunçylarynyň agdyklyk etmegi bilen ýeňiş gazandy.

Duşuşyk türkmen toparynyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Oýnuň ýeke-täk goluny 58-nji minutda «Altyn Asyryň» hüjümçisi Myrat Annaýew geçirdi.

Oýnuň 53-nji minutda «Abdyş-Ata» topary azlykda galdy — toparyň merkezi goragçysy Hristian Brauzman gyzyl kart aldy.

Indiki tapgyrda, 28-nji oktýabrda «Altyn Asyr» Butanyň «Paro» topary bilen duşuşar, «Abdyş-Ata» bolsa Omanyň «Al-Şabab» topary bilen oýnar.