Turkmenportal logo
25.10.25
3005130051
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
GRATA International Turkmenistan işewürleri hukukçylaryň orny baradaky okuw seminaryna çagyrýar

Türkmenistanyň çägindäki GRATA International halkara hukuk kompaniýasy 31-nji oktýabrda «Her bir telekeçilik üçin hukukçy näme üçin gerek?» diýen tema boýunça tölegsiz işewürlik okuw seminaryny guraýar. Çäre sagat 09:00-dan 13:00-a çenli Aşgabatdaky «Arkaç» işewürlik merkezinde ýerleşýän «Iş Nokady» kowerking merkezinde geçiriler.

Okuw-seminary hukuk tejribesi bolan hünärmenleri we işewürlik toparlaryň wekillerini jemläp, korporatiw hukugyny, şertnama hukugyny we salgyt meseleleri boýunça möhüm ugurlary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder. Okuw-seminarynda kompaniýanyň tejribeli bilermenleri çykyş ederler: kompaniýanyň dolandyryjy hyzmatdaşy Ikbal Said Alauddin, geňeşçi Mekan Bäşimow, uly hukukçylar Serdar Amanow we Laçyn Amandurdyýewa, şeýle hem hukukçy Annameňli Rozymyradowa.

Okuw-seminaryň maksatnamasy dört tematik bölümden ybarat:

  • GRATA International Hukuk Consulting kompaniýasynyň işine giriş;

  • Korporatiw hukuk we telekeçilik işi üçin hukuk binýadynyň döredilmegi;

  • Şertnama hukugy — kompaniýanyň bähbitlerini goramak üçin gural;

  • Salgyt borçnamalary barada düşünje.

Okuw-seminaryna gatnaşmak mugt, ýöne öňünden hasaba alynmak zerur. Hasaba alynmak üçin ýörite sowalnama ulanylýar.

Bu çäre işewürligiň ähli ugurlaryndan hünärmenler üçin açykdyr.