Turkmenportal logo
25.10.25
3297332973
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi Hazarýaka döwletleriň uniwersitetleriniň Assosiasiýasyna goşuldy

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Hazarýaka döwletleriň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň Assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.

«Türkmenistan: Altyn asyry» neşiriniň habar bermegine görä, ady agzalan türkmen ýokary okuw mekdebini agzalyga kabul etmek baradaky çözgüt Hazarýaka döwletleriň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň Assosiasiýasynyň 16–17-nji oktýabr günlerinde Atyrau şäherinde geçirilen XXVII Baş assambleýasynyň çäginde makullanyldy.

Oňa Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Russiýanyň uniwersitetleriniň hem-de ylmy-barlag guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Assosiasiýanyň agzalygyna goşulmagy halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, Hazarýaka sebitiniň ýurtlarynyň uniwersitetleri we ylmy-barlag institutlary bilen akademiki we ylmy gatnaşyklary berkitmek, bilelikdäki ylmy-barlag başlangyçlaryny durmuşa geçirmek we tejribe alyşmak üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip, habarda bellenilýär.