«Zyýat Hil» konditer dükanlary zynjyry müşderilerini diňe bir doglan günlerinde tagamly tortlary bilen begendirmän, eýsem, özboluşly bezegleri bilen her süýjülige aýratyn keşp berýär. Nusgawy huruşlar, miweli bezegler we çylşyrymly dizaýnerlik elementleri bilen her bir tort kiçijik sungat eserine öwrülýär.

Konditerler dürli görnüşli bezegleri ulanýarlar:
şokoladdan şekiljikler we ýazgylar,
ter ir-iýmişler we miweler,
iýilýän güller we ýalpyldawuk bezegler,
islendik baýramçylygyň ýa-da çäräniň stiline gabat gelýän tematiki bezegler.
Tortuň diňe bir tagamly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, daşky keşbi bilenem täsir galdyrmagyny üpjün etmek üçin her bezeg takyklyk we jikme-jiklikler göz öňünde tutulyp taýýarlanylýar.
Müşderilere amatlylyk üçin tortlary bezemek boýunça sargytlar her gün sagat 8:00-dan 22:45-e çenli, hepdede ýedi gün kabul edilýär. 150 manatdan başlaýan bahalardan sargyt edilende Aşgabada we Gökdepe etrabyna eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

«Zyýat Hil» — hem tagamly, hem-de owadan tortlar!
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.
Sosial ulgamdaky sahypasy.
