24-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň ýanynda Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadag Aşgabatda gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň hem-de binalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berdi.
Bellenilişi ýaly, Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatynda Aşgabatda döwrebaplaşdyrylýan dürli maksatly binalarda alnyp barylýan işler, Bitaraplyk binasyny döwrebaplaşdyrmak we onuň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly hojalyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
