Russiýanyň energetika kompaniýasy «Gazprom» ÖPJ «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatynda ýerasty gaz ammarlaryny (ÝGA) gurmak boýunça öz tejribesi we tehnologiýalary bilen tanyşdyrdy.
«Gazprom» ÖPJ kompaniýasynyň müdirliginiň başlygynyň orunbasary, bölüm ýolbaşçysy Sergeý Han ilkinji ýerasty gaz ammarlarynyň döredilmegi boýunça işleriň 1955-nji ýylda başlandygyny belledi. — «Şu ýyl biz gazyň ýerasty saklanylyşy boýunça işleriň 70 ýyllygyny belledik» — diýip, ol çykyşynda nygtady.
Hananyň sözlerine görä, geçen ýyllaryň dowamynda Russiýadaky ÝGA ulgamy arkaly 3 trillion kub metrden gowrak gaz geçirildi. — «Häzirki wagtda bizde 27 sany saklaýyş desgasy bar. Olaryň 73 milliard kub metri gyş möwsüminde ulanylyp bilinjek operatiw ätiýaçlykdyr. Mundan başga-da, uzak möhletli strategik ätiýaçlyk gazymyz hem bar, ol hatda täze gaz guýulmazdan hem ulanylyp bilner. Bu bolsa Russiýa Federasiýasynyň senagat ulgamynyň durnukly işlemegini üpjün etmek üçin zerurdyr» — diýip, Han düşündirdi.
Ol «Gazprom» kompaniýasynyň gazyň ýerasty saklanylyşy babatda dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýändigini we dürli geologiki gurluşlarda gaz saklamak boýunça uly tejribä eýedigini nygtady. — «Gazprom» ÖPJ kompaniýasynyň kärhanalary ýerasty gaz ammarlaryny döretmek we dolandyrmak boýunça doly tehniki mümkinçiliklere we bilimlere eýedir» — diýip, ol sözüni jemledi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ÝGA taslamasy boýunça tehniki gözleg işleri alnyp barylýar. Ýakyn wagtda anyk teklipleriň garalmagyna garaşylýar — diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT – 2025 forumynyň jemleýji metbugat ýygnagynda habar berdi.
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanda ÝGA desgasy öňki gaz-kondensat känleriniň biri bolan Ojak käninde gurulmagy meýilleşdirilýär. Ammaryň taslama kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr gazy saklamaga niýetlenendir. Bu kän ýurduň demirgazyk-gündogar böleginde, Garagum çölüniň Üňüz aňyrsy sebitiniň demirgazyk gyrasynda ýerleşýär. Ojak käniniň açylmagy 1966-njy ýylyň fewralynda bolup geçipdi we şol ýylyň özünde onuň özleşdirilmegine başlanypdy.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT – 2025) atly halkara maslahaty we sergisi 22–24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirildi. Bu çärä dünýäniň 70 döwletinden 1400-den gowrak wekil we kompaniýa gatnaşdy. Forumda ýerli energetika kompaniýalary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar, halkara guramalary çykyş etdiler. Çäräniň guramaçylary hökmünde «Türkmen Energiýa Forumy» kompaniýasy, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy çykyş etdiler.
TURKMENPORTAL OGT – 2025 forumynyň habar beriş hyzmatdaşy bolup çykyş etdi.
