Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa Türkmenistanda noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, indiki aýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni hem-de Hasyl toýy mynasybetli maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň, sergileriň we baýramçylyk konsertiniň, şeýle hem täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Noýabr aýynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara hem guralar.
Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda bellenýän baýramlar bilen bagly noýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, ulanmaga berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.
