Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde köpugurly sergilere möhüm orun degişlidir.
Häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň gatnaşmagynda eksport mümkinçiliklerine ýöriteleşdirilen sergini geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini, Eýran Yslam Respublikasynyň hem ýakyn goňşy döwletleriň biri bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisini geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
