Taýlandyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine britaniýaly hünärmen Entoni Hadson bellendi. Ol ozal ABŞ-nyň, Täze Zelandiýanyň we Bahreýniň milli ýygyndylarynda tälimçilik işini alyp barypdy. Bu barada Taýlandyň Futbol assosiasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Hadson Taýlandyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine ýaponiýaly tälimçi Masatada Isiýiniň bu wezipeden çekilmeginden iki gün soň bellenildi. Täze wezipä geçmezinden ozal 58 ýaşly hünärmen Taýlandyň federasiýasynyň tehniki direktory bolup işläpdi.
Halkara derejesinde Hadson 2014–2017-nji ýyllarda Täze Zelandiýanyň ýygyndysyna ýolbaşçylyk edip, 2016-njy ýylda Okeaniýanyň çempionatynda birinjiligi gazanypdy. 2013–2014-nji ýyllarda Bahreýniň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy, 2023-nji ýylda bolsa ABŞ-nyň ýygyndysynyň baş tälimçisiniň wezipesini ýerine ýetirdi. Klub derejesinde bolsa ol Taýlandyň «BG Patum United», Kataryň «Al-Arabi» we «Al-Markhiya» klublarynda tälimçilik etdi.
«Men Taýlandyň ýygyndysyny tüýs ýürekden gowy görýärin, men bu ýurdy söýýärin. Meniň arzuwym — Taýlandyň ýygyndysyny 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň finalyna çykarmakdyr» — diýip, Entoni Hadson tanyşdyrylyş dabarasynda belledi.
Täze tälimçi şeýle hem ýygyndynyň 2030-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmaga ukyplydygyna ynanýandygyny aýtdy. «Men Taýlandyň ýygyndysynyň Dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykyp biljekdigine pugta ynanýaryn. Munuň üçin bäsleşik derejesini ýokarlandyrmaly bolar» — diýip, britan hünärmeni belledi.
Hadson toparyň düzümini düýpgöter üýtgetmegi meýilleşdirmeýändigini hem nygtady.
«Meniň iş usulym Isiýiden tapawutlydyr, ýöne onuň gazanan üstünliklerini dolulygyna üýtgetmek akylsyzlyk bolardy. Men topary tapgyrma-tapgyr ösdürerin» — diýip, tälimçi alyp barjak işini düşündirdi.
2025-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aziýa Kubogy–2027-niň saýlama tapgyrynyň D toparçasynyň çäklerinde Aşgabatda geçen duşuşykda Taýlandy 3:1 hasaby bilen ýeňipdi. Bu duşuşykda Mihail Titow, Yhlas Saparmämmedow we Mekan Saparow dagy tapawutlanypdy.
Türkmenistan bilen Taýlandyň ýygyndylarynyň arasyndaky indiki duşuşyk 2026-njy ýylyň mart aýynda geçiriler. Bu oýun Aziýa Kubogy–2027-niň final tapgyryna gatnaşmak hukugyny kesgitleýän duşuşyk bolup biler. Häzirki wagtda dört tapgyrdan soň Türkmenistan we Taýland 9 utuk bilen toparçanyň öňdeligini paýlaşýarlar. Şri-Lanka 6 utuk bilen üçünji orunda barýar. Utuk toplap bilmedik Hytaýyň Taýbeýi bolsa ýaryş tertibiniň soňky ornunda ýerleşýär.
Aziýa Kubogy–2027-niň final tapgyry 2027-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndan 5-nji fewralyna çenli Saud Arabystanynda geçiriler. Bu ýaryşa yklymyň ýurtlarynyň iň güýçli 24 ýygyndysy gatnaşar.
