Daşary ýurda ilkinji özbaşdak syýahatyňyzy meýilleşdirmek elmydama umytlardan doly tolgundyryjy waka. Şeýle-de bolsa, erkinlik we başdan geçirmeler baradaky arzuwlar, köplenç, ýakymsyz hakykatlar bilen çaknyşýar: garaşylmadyk çykdajylar, wiza kynçylyklary we guramaçylyk meseleleri. «Döwletli Çynar» syýahatçylyk agentliginiň hünärmenleri ilkinji gezek syýahata çykýan jahankeşdeleriň iň köp ýol berýän bäş ýalňyşlygyny kesgitlediler we olar bu ugurda professional çözgütleri hödürlemäge taýýardyr.
1. Garaşylmadyk çykdajylar
Syýahatçylyk özbaşdak meýilleşdirilende syýahatçylar, köplenç, diňe esasy çykdajylary göz öňünde tutýarlar: awiabiletler we myhmanhana. Emma olar baran ýerlerinde goşmaça çykdajylar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler: syýahatçylyk salgydy, ulag hyzmaty, goş daşamak üçin tölegler, myhmanhanada depozit we gündelik nahar. Netijede, ahyrky býujet meýilleşdirileninden ep-esli ýokary bolup biler.
«Döwletli Çynar» syýahatçylyk agentligi kesgitlenen bahadan gezelençleri hödürleýär. Müşderiler dynç alyşyň doly bahasyny öňünden bilýärler, bu bolsa ýakymsyz garaşylmadyk ýagdaýlardan gaça durmaga we býujeti netijeli meýilleşdirmäge kömek edýär.
2. Wiza we gümrük kynçylyklary
Gerekli wizalaryň bolmazlygy, resminamalarda ýalňyşlyklar ýa-da gümrük düzgünleriniň bilinmezligi serhetden geçmäge rugsat berilmezligine getirip biler. Şeýle ýalňyşlyk köpden bäri garaşylýan syýahaty düýbünden ýatyryp biler.
«Döwletli Çynaryň» hünärmenleri wiza we resminamalar boýunça giňişleýin maslahat goldawyny berýär. Olar müşderilere gümrük kanunçylygynyň düzgünlerini öwrenmäge we zerur resminamalary taýýarlamaga kömek edýärler.
3. Myhmanhana we ulag saýlananda şowsuzlyk
Internetdäki owadan suratlar, köplenç, myhmanhanalaryň hakyky ýagdaýy bilen gabat gelmeýär. Amatsyz ýerleşme, hyzmatlaryň hiliniň pesligi ýa-da uçuşlarda uzak wagt ýitirmek dynç alyşdan garaşýan täsiriňizi bozup biler.
Agentlik ynamdar syýahatçylyk operatorlary bilen hyzmatdaşlyk edýär we myhmanhanalar baradaky iň täze maglumatlara eýedir. Kompaniýanyň hünärmenleri müşderilere ýerleşmek üçin iň amatly ýerleri we iň amatly uçuş ugurlaryny saýlamaga kömek edýärler.
4. Ygtybarsyz ätiýaçlandyryş
Syýahatçylaryň köpüsi ätiýaçlandyryşdan ýüz öwürýärler ýa-da nädogry ätiýaçlandyryş hyzmatyndan peýdalanýarlar. Adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan halatynda şeýle ýalňyşlyk çynlakaý maliýe ýitgilerine sebäp bolup biler.
«Döwletli Çynar» her syýahatçylyga öňdebaryjy kompaniýalaryň ygtybarly ätiýaçlandyryş hyzmatyny hem goşýar. Ätiýaçlandyrylan waka ýüze çykan halatynda müşderiler gije-gündizleýin goldawa we ähli meseleleriň dessin çözüljekdigine bil baglap bilerler.
5. Guramaçylyk meseleleri üçin wagt ýitirmek
Gezelençleri we dynç alşyň beýleki meselelerini özbaşdak meýilnamalaşdyrmak ep-esli wagt alýar, bu ýitirilen wagt dynç alşyň özüne we täze ýurt bilen tanyşmaga sarp edilip bilnerdi.
Syýahatçylyk agentligi howa menzilinde garşy almakdan we barmaly ýeriňize alyp gitmekden başlap, özüne çekiji gezelenç ugurlaryny saýlamaga çenli ähli guramaçylyk meselelerini öz üstüne alýar. Bu bolsa müşderilere ähli ünsüni dynç alyşyna gönükdirmäge mümkinçilik berýär.
«Döwletli Çynaryň» wekilleriniň belleýşi ýaly, daşary ýurda ilkinji syýahatyňyzy hünärmenlere ynanmak iň gowusydyr. Munuň özi diňe bir wagty we puluňyzy tygşytlamak bilen çäklenmän, eýsem, garaşylmadyk kynçylyklar ýüze çykmazdan, rahat we asuda dynç alşy üpjün edýär.
«Döwletli Çynar» syýahatçylyk agentligi Marynyň we Türkmenistanyň ähli ýaşaýjylaryna syýahatçylyk hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürläp, gereksiz kynçylyklar we lapykeçlikler bolmazdan, syýahatçylyk baradaky arzuwlary hakykata öwürmäge kömek edýär.
Habarlaşmak üçin:
Salgysy: г Mary ş., Bagtyýarlyk köç. 52А, «Ojar Aziýa» binasy, 1-nji gat
Telefonlar: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, (+993 64) 40 54 46, 8 (522) 7 00 85
Sosial ulgamdaky sahypasy
«Döwletli Çynar» syýahatçylyk agentligi — ajaýyp dynç alyşyňyzy guramakda ygtybarly hyzmatdaşyňyz!
