Turkmenportal logo
23.10.25
2545025450
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda ýaşlaryň arasynda söweş sungaty federasiýasynyň kubogy ugrundaky jemleýji ýaryşlar geçiriler

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda 23-nji oktýabrda jiu-jitsu, sambo we söweş sambo boýunça Türkmenistanyň söweş sungaty federasiýasynyň kubogy ugrundaky jemleýji ýaryşlar geçiriler.

Jemleýji ýaryşlar sagat 10:00-da başlanar. 21-nji oktýabrda başlan ýaryşlara 2010-2012-nji ýyllarda doglan oglanlar we gyzlar gatnaşýarlar.

Ýaryş ýokary derejede geçýär we ýaş türgenler bilen janköýerleriň arasynda uly gyzyklanma döredýär.

Ýaryşyň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Milli söweş sungaty federasiýasy çykyş edýär.