Amerikanyň «Bownstein» kompaniýasy ABŞ-nyň Hökümetiniň ähli düzümleriniň TOPH gaz geçiriji taslamasyna goldaw bermegini üpjün etmek maksady bilen, Prezident Donald Trampyň administrasiýasy bilen gönüden-göni hyzmatdaşlyk edýär. Bu barada kompaniýanyň wekili Samanta Karl-Ýoder «Türkmenistanyň nebit we gazy – 2025» atly halkara maslahatyň we sergisiniň çägindäki çykyşynda aýtdy.
«Bownstein» kompaniýasy Türkmenistanyň Hökümeti we TOPH gaz geçiriji taslamasy bilen hyzmatdaşlyk edýändigine örän begenýär. Kompaniýamyz Prezident Trampyň administrasiýasy, Ak Tam, Milli howpsuzlyk geňeşiniň, Söwda ministrliginiň we Döwlet departamentiniň ýolbaşçylary bilen gönüden-göni aragatnaşyk saklaýar. Esasy maksat – ABŞ-nyň Hökümetiniň ähli düzümleriniň bu taslamany goldamagyny üpjün etmek» diýip, ol aýtdy.
Karl-Ýoder çykyşynyň dowamynda TOPH taslamasynyň sebitiň ähli ýurtlary üçin ykdysady ösüş mümkinçiliklerini döredýändigini belledi.
«Energetika ulgamynda dört ýurduň özara baglanyşmagy dürli ugurlaryň diwersifikasiýasy üçin örän möhümdir. Bu ykdysady ösüşe, täze iş orunlarynyň döredilmegine, şeýle hem energetikadan daşary infrastrukturanyň ösüşine mümkinçilik açar» diýip, «Bownstein» kompaniýasynyň wekili sözüni jemledi.
Mälim bolşy ýaly, mundan ozal Serhetabat — Hyrat ugry boýunça TOPH gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň dowam etdirilmegine bagyşlanan dabaraly çärede türkmen halkynyň Milli Lideri «Bownstein» amerikan kompaniýasynyň bu taslama gatnaşýandygyny, onuň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi boýunça maslahatçy bolup, gymmatly we peýdaly teklipleri berýändigini nygtapdy. Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle hem taslama goldaw berýändigi üçin ABŞ-nyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.
