Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň üçünji tapgyrynda Kataryň «Al-Ahli» topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Türkmen topary ikinji ýarymyň goşmaça minutynda geçirilen gol bilen deňme-deň hasaby gazanmagy başardy.
«Al-Ahli» toparynyň düzüminde Mateý Mitrowiç (41-nji minutda) we Mişel Wlap (56-njy minutda) tapawutlandylar. «Arkadag» toparynda bolsa gollary Baýram Ataýew (79-njy minutda), Mekan Saparow (90+1-nji minutda) geçirdi.
B toparçanyň beýleki duşuşygynda Özbegistanyň «Andižan» topary öz meýdançasynda Bahreýniň «Al-Haldia» toparyny kabul etdi. Bu duşuşyk 0:0 hasaby bilen tamamlandy.
Üç tapgyrdan soň toparçanyň lideri hökmünde «Al-Haldia» öňe saýlandy (5 utuk). «Andižan» we «Al-Ahli» 3 utuk toplady. «Arkadag» bolsa 2 utuk bilen toparçanyň ýaryş tertibinde soňky orunda barýar.
