Pariždäki dünýä belli Luwr muzeýinde bolan talaňçylygyň yzýany medeni mirasa garşy ýene bir jenaýatçylyk boldy: 19-yndan 20-njy oktýabra geçilýän gije Ýokary Marna departamentiniň Langra şäherinde ýerleşýän «Deni Didronyň magaryf öýi» muzeýi talandy.
Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna laýyklykda, betpäller gapyny döwüp, muzeýe giripdirler hem-de XVIII-XIX asyrlar bilen senelenýän altyn we kümüş şaýy pullaryň toplumyny ogurlapdyrlar, galan gymmatlyklara degmändirler.
Luwrdaky talaňçylyk bilen tas birwagtda bolan bu ogurlyk Fransiýanyň Içeri işler ministrligini muzeýleriň hem-de medeni mirasyň obýektleriniň daş-töwereginde howpsuzlyk çärelerini berkitmäge mejbur etdi.
Luwr muzeýi 19-njy oktýabrda talandy. Talaňçylykdan çekilen ýitgi 88 million ýewro bahalanýar. Wakadan soňra muzeýiň direktory Lorans De Kar iş başyndan gitmekçi boldy. Emma oňa rugsat berilmedi diýip, «Figaro» gazetine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
Lorans De Kar Luwra 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär. Ony Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň özi wezipä belledi.
