Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Foruma gatnaşyjylar ilki Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny diňlediler.
«Şu ýyl 30-njy gezek ýokary derejede geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe we pikir alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belleýär.
Her ýyl geçirilýän forum ýurduň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny kesgitlemäge we nebit-gaz pudagynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.
Halkara maslahat, şeýle hem onuň bilen ugurdaş geçirilýän iri sergi innowasiýalar, häzirki zaman ösüşleri we täze taslamalar barada öwrenmäge mümkinçilik döredýär.
Şu ýyl bu forum «Energetika. Innowasiýa. Ösüş» şygary bilen geçirilip, ol 70 ýurtdan 1400-den gowrak wekili bir ýere jemledi. Forum halkara habar beriş serişdelerinde hem ýokary derejede, giňden şöhlelendirilýär.
Forumyň resmi metbugat hyzmatdaşlary “Euronews”, “BNE IntelliNews”, “Newsbase”, “Interfax”, “Energy Intelligence” ýaly dünýäniň iň iri habar beriş serişdelerinden ybaratdyr. Şeýle hem olaryň hatarynda Ýakyn Gündogaryň öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bar.
“Euronews” -yň ýörite mahabat wideosynda: “Ýewraziýanyň merkezinden Türkmenistan ählumumy gepleşiklere we maýa goýumlara gapy açýar” diýilýär.
Türkmenistanyň öňdebaryjy internet habar beriş saýty bolan “Turkmenportal” hem sergide öz diwarlygy bilen çykyş edýär. Onuň diwarlygynda OGT 2025-e taýýarlanylyşy we onuň guralyşy, geçirilişi giňden şöhlelendirilýär.
