“Täze aý” kompaniýasynyň ýarym taýýar önümlerini öndürýän önümçilik sehinde, Türkmenistanyň içerki bazary üçin dürli görnüşli önümler bilen yzygiderli üpjün edilýär – bu ýerde her gün 10–15 tonna aralygynda börek we hamyrdan taýýarlanan önümler öndürilýär.
Kompaniýa häzirki wagtda däp bolan tagamlary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen utgaşdyryp 23-den gowrak ýarym taýýar önümleriň görnüşini öndürýär. Önümleriň görnüşlerinde: “Täze aý” mantylary etli, kädili we ysmanakly görnüşlerinden daşary özboluşly “Örme” görnüşi bilen tapawutlanýar. Alyjylaryň arasynda, “Okuwçy” hinkalisi we ýeralmadan taýýarlanan warenikler giň meşhurlyga eýe boldy.

Önümleriň arasynda: Börekleriň görnüşlerinden “Täze aý”, “Merdana”, “Zamana”, “Täze zamana”, “Öý böregi”... we beýlekiler ýaly sygyr etinden taýýarlanan börekler aýratyn orun eýeleýär. Mundan başga-da, kärhana “Täze aý” somsalarynyň (gatlanan we ýeralmadan edilen görnüşleri), “Täze aý” we “Berhiz” kotletleri, “Öý” tefteli, şeýle hem “Täze aý” sygyr ýagyny öndürýär.
Aýratyn ugur hökmünde kärhanada ýarym taýýar “Etli çörek” we Hamyrlary görkezmek bolar olardan: “Akpamyk" gatlanan hamyrmaýaly hamyry, "Aýläle" gatlanan hamyrmaýasyz hamyry, "Ýaýla" hamyrmaýasyz hamyry öndürilýär.

Şeýle hem “Täze aý” önümçiligiň başlangyç tapgyry bolan maldarçylyga aýratyn üns berýär. Kompaniýanyň öz fermalary Halal standartlaryna laýyklykda et önümlerini taýýarlamak üçin ýokary hilli çig mal bilen üpjün edýär.

Önümleriň hili halkara standartlaryň talaplaryna laýyk gelýänligi sebäpli: Halal sertifikaty we iýmit howpsuzlyk menejmenti ISO 22000 sertifikaty, hil menejmenti ISO 9001 sertifikaty bilen tassyklandy. Şeýle hem hormat hatlary we diplomlar bilen sylaglandy.
Türkmenistanyň ähli künjegindäki bazarlara we söwda nokatlaryna wagtynda we täzeligine eltip bermek üçin “Täze aý” kärhanasy sowadyjy we doňduryjy enjamlar bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen awtoulaglary ulanýar.
Kärhananyň aragatnaşyk maglumatlary:
Telefonlar: (800522) 1 82 30, (800522) 1 82 39
Önümler Türkmenistanyň içerki bazarynda satuwa çykarylýar.
