Turkmenportal logo
21.10.25
1874318743
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arsenal kluby Atletiko garşy we ýene sekiz oýun: Çempionlar ligasynyň III tapgyrynyň tertibi

Şu gün UEFA Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde dokuz duşuşyk geçiriler. Oýun güni Aşgabat wagty bilen sagat 21:45-de başlaýan iki duşuşyk bilen açylar. «Barselona» «Olimpiakosy» kabul eder, «Kaýrat» bolsa «Pafos» bilen oýnar.

Sagat 00:00-da bir wagtda ýedi duşuşyk başlanar. «Arsenal» «Atletiko Madrid» bilen duşuşar, «Baýer Lewerkuzen» PSŽ-e garşy oýnar, «Kopengagen» «Borussiýa Dortmundy» kabul eder. Şeýle hem «Nýukasl Ýunaýted» - «Benfika», «PSW» - «Napoli», «Ýunion Sent-Žilluaz» - «Inter», «Wilýarreal» - «Mançester Siti» klublarynyň arasynda duşuşyklar geçiriler.

UEFA Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyry 22-nji oktýabrda tamamlanar.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary bu tapgyryň ähli duşuşyklaryny Belet Film platformasynyň Premium ýazylyşygynda görüp bilerler.

21-nji oktýabryň oýunlarynyň tertibi:

21:45 - «Barselona» - «Olimpiakos»

21:45 - «Kaýrat» - «Pafos»

00:00 - «Arsenal» - «Atletiko Madrid»

00:00 - «Baýer Lewerkuzen» - PSŽ

00:00 - «Kopengagen» - «Borussiýa Dortmund»

00:00 - «Nýukasl Ýunaýted» - «Benfika»

00:00 - «PSW» - «Napoli»

00:00 - «Ýunion Sent-Žilluaz» - «Inter»

00:00 - «Wilýarreal» - «Mançester Siti»