Türkmen kino režissýory Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» atly filmi Duşenbe şäherinde geçirilen «Toji Somon» II Halkara kinofestiwalynda eminler toparynyň ýörite diplomyna mynasyp boldy.
Baýrak filme «zenan wepadarlygynyň çeper beýan edilendigi üçin» gowşuryldy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Daragt» filmi mundan ozal hem birnäçe halkara kinofestiwallarda baýraklara mynasyp bolupdy. Film türkmen maşgalasynyň ykbalyny gürrüň berýär. Baş gahryman Näzik adamsyny fronta ugradýar we onuň dolanyp gelmegine garaşýar. Ýaş çatynjalaryň bir wagt oturdan erik agajy Näzik üçin umydyň nyşanyna öwrülýär.
«Daragt» filminden başga-da festiwalyň çäginde Türkmenistanyň güni mynasybetli tomaşaçylara režissýor Maksat Gylyjowyň «Kompozitor» atly çeper filmi hem görkezildi.
«Toji Somon» II Halkara kinofestiwalynyň geçirilmegi kino sungatynyň ösmegine, medeni mirasy goramaga we milli medeni gymmatlyklary wagyz etmäge uly itergi berdi. Bu festiwal dürli ýurtlaryň kino işgärleriniň arasynda hünär tejribesini alyşmak üçin özboluşly meýdança döretdi hem-de kino sungaty babatda medeni gatnaşyklary has-da berkitdi.
Çäräniň çäginde Kinostudiýalaryň direktorlarynyň geňeşiniň maslahaty, çeper, oýun we dokumental filmleriň görkezilişleri, şeýle hem golaý we uzak ýurtlardan gelen belli kino ussatlarynyň gatnaşmagynda konferensiýa guraldy. Maksatnama tanymal täjik kinorežissýory, Täjigistanyň A.Rudaki adyndaky Döwlet baýragynyň laueraty Bahtiýor Hudoýnazarowyň 60 ýyllygyna bagyşlanan halkara kinoforumy bilen tamamlandy.
