Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýanyň Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda 20 — 22-nji oktýabry aralygynda geçirilýän Sportda dopinge garşy göreş baradaky Halkara konwensiýasynyň Taraplarynyň Maslahatynyň 10-njy sessiýasyna (COP10) gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Wekiliýete Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň halkara bölüminiň başlygy Ş.Serýaýew hem-de Türkmenistanyň Milli antidoping agentliginiň başlygy L.Artykowa ýolbaşçylyk edýär.
Sessiýanyň gün tertibine Konwensiýanyň ýerine ýetirilişi boýunça hasabatlar, Sportda dopingi aradan aýyrmak boýunça gaznanyň işi, halkara hyzmatdaşlyk mehanizmlerini kämilleşdirmek meseleleri, şeýle hem bilim, öňüni alyş we antidoping gymmatlyklaryny wagyz etmek babatynda döwletleriň mümkinçiliklerini berkitmek ýaly giň ugurlar girizildi.
Mejlisleriň dowamynda türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Konwensiýanyň maksatlaryna we ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady hem-de ÝUNESKO-nyň sporty arassalygyny goramak we dopinge garşy göreşiň halkara mehanizmlerini kämilleşdirmek ugrunda edýän tagallalaryna goldawyny bildirdi.
