Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň mejlisler zalynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köp taraplaýyn hödürnamasyna girizilen aýratyn goralýan ýerleriň dolandyryş netijeliligini bahalandyrmak (IBEX) üçin duşuşyk geçirildi. Duşuşyklar Maýkl Zukkowyň tebigaty goramak gaznasynyň (MSF, Germaniýa) gatnaşmagy bilen guraldy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşyklara Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Bereketli Garagum döwlet tebigy goraghanasynyň we Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň wekilleri, şeýle hem «Conservation X Labs» hünärmenleri gatnaşdy.
Gatnaşyjylar Halkara Tebigaty Goramak Bileleşiginiň (IUCN) täze Ýaşyl sanaw maksatnamasy bilen tanyşdy we onuň talaplaryna laýyk gelýän aýratyn goralýan ýerleriň (AGTÝ) dolandyryş netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen (IBEX) baha bermegi guraly arkaly Bereketli Garagum we Repetek goraghanasyna baha berildi.
Bu maksatnamanyň maksady, tebigat we adamlar üçin üstünlikli netijeleri berýän aýratyn goralýan ýerleriň sanyny köpeltmek we olaryň ekosistemalary üçin netijelere göz öňüne tutulýar.
Tebigaty goramak boýunça Maýkl Zukkow gaznasynyň we CXL taslama toparynyň halkara geňeşçileri bu synag meýilnamasynyň Türkmenistanda döwlet goraghanalarynyň wekilleri bilen işleşmegine ýardam berer.
