Turkmenportal logo
21.10.25
1647616476
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sanae Takaiti Ýaponiýanyň taryhynda ilkinji zenan Premýer-ministr boldy

Liberal-demokratik partiýanyň başlygy Sanae Takaiti taryhda Ýaponiýanyň Hökümet başlygy wezipesini eýelän ilkinji zenan boldy.

Ýurduň parlamentiniň aşaky palatasynda geçen ses berlişigiň jemleri boýunça Takaiti deputatlaryň 465-sinden 237-siniň sesini aldy, onuň esasy bäsdeşi – Konstitusion-demokratik partiýanyň lideri Ýesihiko Noda 149 ses aldy.

TASS habarlar agentliginiň bellemegine görä, LDP parlamentde köplüge eýe bolmasa-da, «Ýaponiýany täzelemegiň jemgyýeti» partiýasy bilen bileleşik baglaşyp bildi, bu öz gezeginde Takaitiň ýeňiş gazanmagyna getirdi.

Şu gün – sişenbede Takaiti täze Hökümeti düzmeli.

Sanae Takaiti 64 ýaşynda, ol Liberal-demokratik partiýanyň başlygynyň wezipesini 2025-nji ýylyň oktýabrynyň başyndan bäri eýeläp gelýär.

2014-2017 we 2019-2020-nji ýyllarda ol Premýer-ministr Sindzo Abeniň döwründe içeri işler we aragatnaşyk ministri wezipesini eýeledi. 2022-2023-nji ýyllarda Fumio Kisidanyň hökümetinde ykdysady howpsuzlyk meseleleri boýunça döwlet ministri boldy.

Täze Premýer-ministr maşgala gymmatlyklarynyň, däp bolup gelýän ýörelgeleriň tarapdary hökmünde tanalyp, olary goramak barada işjeň çykyş edýär.