Turkmenportal logo
21.10.25
2200122001
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Moskwada saparda bolýar
Surat: mejlis.gov.tm

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş sapary başlandy. Saparyň maksady hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleri, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary halkara jemgyýetçiligine ýetirmek, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.