Türkmenistanyň we Russiýanyň ýaş türgenleriniň stol üstündäki tennis boýunça bilelikdäki türgenleşik ýygnanyşygy ilkinji gezek Aşgabatda geçirilýär. Türkmen tennisçileri Russiýanyň öňdebaryjy stol üstündäki tennis boýunça klublarynyň biri bolan Swerdlowsk oblastynyň Werhnýa Pyşma şäherindäki «UGMK» klubunyň türgenleri bilen bilelikde türgenleşýärler.
Türgenleşikler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň binýadynda geçirilýär.
«Çagalar türgenleşik mahaly köp türgenleri, täze usullary görýärler. Olarda has köp türgenleşmek islegi ýüze çykýar. Tejribe alyşmak türgenler üçin örän möhüm bolup durýar» — diýip, Türkmenistanyň stol üstündäki tennis boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Dawut Ýakubow gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, russiýaly türgenleriň derejesi ýokary, emma türkmen tennisçileri hem mynasyp netijeleri görkezýärler.
Russiýadan gelen wekiliýetiň düzüminde 14–16 ýaş aralygyndaky alty türgen, tälimçi we klubyň wekili bar. «Sport infrastrukturasynyň gerimi hakykatdan hem haýran galdyryjy — diýip, «UGMK» klubunyň tälimçisi Ilýa Židkow özünde galan täsirleri bilen paýlaşdy.
Şeýle ýygnanyşyklaryň tejribe alyşmak üçin örän peýdalydygyny nygtamak bilen, ol «Näçe köp dürli türgen bilen türgenleşseň, şonça-da köp tejribe alýarsyň. Her biriniň öz stili, öz aýratynlygy bar» - diýip, belledi.
Židkow Türkmenistanda stol üstündäki tennis boýunça halkara ýaryşlarygeçirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Russiýa tarapynyň türkmen türgenlerini jogap sapary bilen Ýekaterinburgda kabul etmäge taýýardygy hem mälim edildi.
Türgenleşikden başga-da, ýaş russiýaly tennisçiler üçin Türkmenistan bilen tanyşdyrmak maksady bilen ýörite medeni maksatnama meýilleşdirildi. Bu gezelençler milli däp-dessurlar we paýtagtymyzyň gözel ýerleri bilen tanyşlygy öz içine alýar.
