Aşgabatdaky Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde Türkmenistanyň dürli bilim edaralaryndan mugallymlar üçin hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirilýär. Bu okuwlar Tatarystanyň Naberežnyýe Çelny şäheriniň Döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan guraldy.
Okuw maksatnamasyna Aşgabat, Arkadag we ýurduň birnäçe sebitlerinden gelen bilim edaralarynyň, mugallymçylyk mekdepleriň we Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşýar. Şeýle hem olaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bar.
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň birinji sekretary, «Rossotrudniçestwo» guramasynyň wekili Ýuliýa Zaýsewa okuwlaryň açylyşynda şeýle belledi:
«Bu okuwlar eýýäm üçünji ýyl yzly-yzyna geçirilýär. Naberježnyýe Çelny şäheriniň döwlet mugallymçylyk uniwersitetinden gelen dostlarymyzyň hödürleýän maksatnamalary ýylsaýyn täzelenýär we häzirki zaman pedagogik jemgyýetiniň öňünde durýan talaplara laýyk gelýär».
Okuwlaryň mazmuny bäş esasy ugury öz içine alýar: ösüş mümkinçilikleri çäkli çagalara inklýuziw bilim bermek, umumybilim edaralarynda bilimiň hilini bahalandyrmak, ýokary okuw mekdepleriniň psihologiýasy we pedagogikasy, okuwçylaryň taslama işleri we ylmy gözlegler.
