Aşgabatda «Türkmenistanyñ nebiti we gazy – OGT 2025» atly XXX ýubileý halkara maslahatyň we serginiň dabaraly açylyşyna taýýarlyk gyzgalaňly dowam edýär. Bu möhüm forum şu ýylyň 22 — 24-nji oktýabry aralygynda ýurduň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.
Taýýarlyk işleri soňky tapgyrda dowam edýär. Daşary ýurtly myhmanlaryň ilkinji tapgyry Aşgabada geldiler.
Maslahata gatnaşyjylaryň hasaba alnyşy 21-nji oktýabrda sagat 12:00-dan 21:00-a çenli «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçiriler. Şol gün üçin baý mazmunly maksatnama taýýarlanyldy.
Günortandan soňra BMG-niň «Energiýa — parahatçylyk we ösüş ugrunda» atly «tegelek stol» duşuşygy geçiriler.
Forumyň dabaraly açylyşy 22-nji oktýabrda sagat 09:30-da milli tanslar we sazly çykyşlar bilen başlanar. Sergä 1400-den gowrak wekil hem-de 100-den gowrak kompaniýa gatnaşar. Myhmanlaryň rahatlygy üçin ýörite ulag hyzmaty guralar. Forumyň gün tertibi — umumy mejlisler, gala-agşamlyk we baýrak gowşuryş dabarasy — Türkmenistanyñ durnukly energetiki ösüşe, tehnologik kämilleşmä we halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ygrarlylygyny «Energiýa. Innowasiýa. Ösüş» şygarynyň astynda açyp görkezýär.
Forum baradaky täzelikleri we onuň doly meýilnamasyny resmi web sahypadan yzarlap bolar: www.ogt-turkmenistan.com.
