Türkmenistanda milli multfilmleriň önümçiligi işjeň ösdürilýär. Ýakynda «Mahabat» studiýasy «Meniň oýnum» atly täze multfilmi döretdi. Bu eser Mämmetjan atly oglanjygyň başdan geçirmeleri barada gürrüň berýär.
Multfilmiň döredilmegine sahnalaryň täsirli beýan edilmegini ugur edinen döredijilik topary gatnaşdy. Şunda gahrymanlaryň hereket ediş dinamikasyna we seslendirmäniň ýokary hiline aýratyn üns berildi.
«Mahabat» studiýasy animasion taslamalara we multfilmleri seslendirmek işlerine gatnaşmak isleýänler üçin açyk kabul edişligi yglan etdi.
Täze multfilm BeletFilm onlaýn kinoteatrynda, «Körpeler» YouTube kanalynda, şeýle hem 0530 gysga belgisi arkaly «872» kod belgisi bilen tomaşa etmek üçin elýeterlidir.
Türkmen multfilmleriniň döredijileri çagalar we giň tomaşaçylar üçin niýetlenen täze taslamalar bilen işlerini dowam etdirmäge meýilleşdirýärler.
