Fransiýanyň paýtagtynda ogrular meşhur Luwr muzeýini taladylar. Bu barada ýurduň medeniýet ministri Raşida Dati sosial torda habar berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.
Ýurduň içeri işler ministri Loran Nunýes awtoulag basgançagynda binanyň penjiresinden giren ogrularyň ýedi minutda muzeýi talandyklaryny habar berdi.

«Le Parisien» gazetiniň maglumatlaryna laýyklykda, ýüzi nikaply adamlar muzeýiň «Apollon» galareýasyna girip, ol ýerden Napoleonyň we imperator zenan Žozefinanyň gymmatbaha zatlarynyň dokuzysyny, şol sanda ýüzük, ysyrga we egme ogurlapdyrlar. Gymmatlyklar fransuz patyşalaryna bagyşlanan aýna gaplarda ýerleşdirilen ekeni. Talaňçylara gizlenmek başardypdyr, olar dört sany.

Tiz wagtdan Luwrdan uzak bolmadyk ýerde imperator Napoleon III aýalynyň döwlen täjini tapypdylar. Talaňçylar nämüçindir, muzeýdäki has gymmatbaha tapyndylara degmändirler. Parižiň prokuraturasy derňew işlerine başlady, ýitginiň anyk möçberi aýdylmaýar.
