Turkmenportal logo
19.10.25
1595615956
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ahal» Türkmenistanyň çempionatyndaky ýeňişsiz tapgyryny «Köpetdagy» ýeňmek bilen, togtatdy

«Ahal» futbol kluby Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň ozal başga wagta geçirilen duşuşygynda Aşgabadyň «Köpetdag» toparyny 2:0 hasaby bilen ýeňdi.

Duşuşyk paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirildi. Oýunda gollary duşuşygyň 23-nji minutynda Bagtyýar Gürgenow, 89-njy minutda Akmammet Metdaýew geçirdiler.

Bu ýeňiş bilen «Ahal» topary Ýokary ligadaky 4 oýundan ybarat ýeňişsiz tapgyryny soňlady we netijede 36 utuk toplady. Ol häzir ikinji orunda barýan «Altyn Asyrdan aratapawudy 4 utuga çenli azaltdy. Şol bir wagtyň özünde bellesek, «Altyn Asyr» 3 oýny köp geçirdi. Çempionatyň ýaryş tertibinde «Arkadag» 21 duşuşykdan soň 63 utuk bilen öňde barýar.

Geçirilen oýun «Ahal» üçin AFK-2 Çempionlar ligasynyň 3-nji tapgyryndaky Eýranyň «Sepahan» topary bilen oýna taýýarlyk hökmünde hem möhüm duşuşyk boldy. Bu myhmançylykdaky duşuşyk 21-nji oktýabrda Isfahan şäheriniň «Nakş-e Jahan» stadionynda geçiriler. Ilki bilen oýun Arkadagda meýilleşdirilipdi, emma AFK-nyň karary bilen duşuşygyň ýeri üýtgedildi.

Mundan ozal Aziýa futbol konfederasiýasy Hindistanyň «Mohun Bagan» klubuny AFK-2 Çempionlar ligasyndan çykardy — sebäbi topar «Sepahan» bilen oýna gatnaşmady. Şeýlelikde, «Ahalyň» Hindistanyň çempiony bilen 1-nji tapgyrda gazanan 1:0 ýeňşi hem ýatyryldy. Iki tapgyrdan soň C toparçasynda Iordaniýanyň «Al-Hussein» topary 6 utuk bilen liderlik edýär — olar «Sepahan» bilen öz meýdançasynda 1:0 we «Ahal» bilen myhmançylykda 4:1 hasaby bilen ýeňiş gazandylar.

AFK-2 Çempionlar ligasynyň häzirki toparçalaýyn tapgyryna 22 ýurtdan 31 topar gatnaşýar. Toparçalar geografik taýdan Günbatar we Gündogar zolaklara bölünýär. Her toparçanyň iki iň gowy topary 1/8 finala çykmaga hukuk alar.